- dabara
- 1) Bir wakanyň şanyna geçirilýän uly baýram, tomaşa, şadyýanlyk, şowhun.2) Joşgunly ruhubelentlik, göçgünlilik.∙ Ol şol geýimleri geýnip, dabara bilen klasa girdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Ýüzünde dabara, şatlyk duýulmaýardy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)3) Üstünlik, ýeňiş, at-abraý, at, taryp, şöhrat.∙ Dabarasy bütin äleme doldy, Batyrlar döreýär biziň ýerlerde. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)∙ Asuda ýurdumda her ýan baksam-da, Dabarasy joşup, asmana galýar. (K. Işanow, Watan Üçin)◊ dabara düşmek — Hemmeleri geň galdyrýan habar ýaýramak.∙ Bir kiçijik oglan şeýle bir uly iş bitiripdir -- diýip, il içine dabara düşdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)◊ dabarasy dag aşmak — Köp ýere ady ýaýramak, ady äleme dolmak.∙ Ol gün onuň dabarasy dag aşýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Gel, söýgülim, toý edeli, Dabarasy daglar aşsyn. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň Gyzy)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.